- garşylyk
- 1) Edilýän hüjüme, herekete berilýän gaýtawul.∙ Aman poşçy hem garşylyk görkezjek bolup durmady. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)∙ Olar ýerli ilatyň batyrgaý garşylygyna duçar boldular. (Gadymy Dünýä Taryhy)∙ Haýwan hem soýjak bolanyňda, öz gurbuna görä garşylyk görkezýär. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)2) Pikiriň, düşünjäniň biri-birine tersligi, gapma-garşylygy.Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem garşylyk - garşylygy.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.